Biz barada
MPower Türkmenistanyň elektrotehniki enjamlar pudagynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolup, energetika we elektrotehnologiýalar bilen baglanyşykly giň gerimli hyzmatlary we enjamlary hödürleýär. Kompaniýa 2017-nji ýylda esaslandyrylyp, 2023-nji ýylda brendini täzeledi we häzirki wagtda MPower ady bilen iş alyp barýar.
Kompaniýa proýektirlemeden başlap, enjam üpjünçiligi, gurnama şeýle-de tehniki goldawa çenli çözgütleriň doly we toplumlaýyn hyzmatyny hödürleýär. MPower ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary hilli önümleri we hyzmatlary, şeýle-de her taslamany durmuşa geçirmekde professional we jogapkärçilikli çemeleşmegiň kepilini berýär.
MPower dünýäniň öňdebaryjy elektrotehniki önümler öndüriji kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär, bu bolsa müşderilere iň täze we netijeli çözgütleri hödürlemäge mümkinçilik berýär. Alternatiw energiýa ulgamyndaky ýokary hünär başarnygynyň bolmagy MPower-iň möhüm aýratynlygydyr.
MPower-iň agzybir işgärler topary elektrotehnologiýalar we energiýa pudagynda köp ýyllap tejribe toplan ýokary derejeli hünärmenlerden ybaratdyr. Olar kompaniýanyň işiniň ähli ugurlarynda ýokary hünär we hil derejesini hem-de innowasiýany üpjün edýärler.
